Paýtagtyň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işine başlady
25-nji maý Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilýär. Bu gün baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär.
Halk Maslahatyň Başlygy Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny gutlady we Türkmenistana çagyrdy
23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şäherara awtobus ugurlary üçin petekler ýene-de onlaýn satylýar
Awtobus peteklerini "Awtomobil ulag hyzmaty" AGPJ-niň resmi web-saýty ýa-da Android gurluşly ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmasy arkaly onlaýn satyn almak mümkin.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Aşgabat - Türkmenbaşy awtobus gatnawy açylýar
Şu ýylyň 20-nji maýyndan başlap Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini we XVI Ýokary Baştutanyny gutlady
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoby hem-de Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billany Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi
16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi şäheriçi ulaglarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýolagçylara edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik ulaglarynda ýol tölegini Türkmenistanyň ähli banklarynyň «Altyn asyr» we «Maşgala» kartlary bilen tölemek mümkinçiligini ýola goýdy.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň işgärleri üçin täze awtobus ugurlaryny ýola goýdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy geçirildi
12-nji maýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlykly etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy öz işine başlady.
10-njy maýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi
Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklandy.
6-njy maýda geçirilen Hökümetiň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Pürçekowa Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
5-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ildeşlerimizi Oraza baýramy bilen gutlady
2-nji maýda Türkmenistanda ähli musulmanlar üçin mukaddes baýramçylyk bolan Oraza baýramy giňden bellenildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guttereşe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Türkmenawtoulaglary” teker alýandygyny mälim edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi ýük awtoulaglary üçin 11.00R20, 11.00R20, 12.00R20 ölçeglerdäki tekerleri satyn alýandygyny mälim edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyny Gadyr gijesi mynasybetli gutlady.