Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew Azerbaýjanda iş saparynda bolmagynyň çäginde Alýat deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň Gyrgyzystana Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hazar deňziniň kenaryndaky Alýat portundan gämilerde awtoulaglary daşamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministrligi habar berdi.  

Alýat portunyň administrasiýasy gämide Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamaga gyzyklanma bildirdi. Bu ýerde öňünden bellenen arzanladyş bilen, bir ýük awtoulagyny Alýatdan Türkmenbaşy portuna eltmegiň bahasynyň 1200 dollar töweregi boljakdygy aýdyldy.

Alýat portundan awtoulag-gämi ýük daşamak işi 15 parom gämisi we 3 ro-ro gämisi bilen amala aşyrylýar. Gämi Alýat – Türkmenbaşy ugry boýunça geçilmeli ýoly 14-den 20 sagada çenli wagtda külterleýär.