Gazagystan bilen Türkmenistan bilelikde Hytaýdan Eýrana uzaýan ütaşyr geçelgesini ösdürer

Gazagystan bilen Türkmenistan «Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran» geçelgesiniň bilelikde ösdürilmegi barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyk 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen ulag, tranzit we logistika pudagynyň ösüşi boýunça gazak-türkmen bilelikdäki iş toparynyň ilkinji ýygnagynda gazanyldy.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew we Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew ýolbaşçylyk etdi.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar berşi ýaly, duşuşygyň çäginde ulag, tranzit we logistika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş topary demir ýol aragatnaşygy pudagynda çeýe, bäsdeşlik esasyndaky nyrh syýasatyny döretmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işe oňyn baha berdi we geljekde hem bu ugurdaky işini dowam etdirjekdigini tassyklady.

Ýygnagyň barşynda Gazagystanyň Ulag ministrligi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň arasyndaky mejlisiň Teswirnamasyna we ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi.

Resminama ulag we daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini döretmegi, degişli düzümleriň işini sazlaşdyrmagy, deslapky we beýleki maglumatlary alyşmak üçin sanly çözgütleri girizmegi we beýleki işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Ýeri gelende bellesek, Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gorgan (Eýran) demir ýol ugry Ýakyn Gündogara ýük daşamaga mümkinçilik berýän Ýewraziýanyň ulag we logistika ulgamynyň möhüm halkasydyr.  

Şeýle-de, geçen ýylyň oktýabrynda Astanada döwlet saparynda bolan wagty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň kabul eden bilelikdäki beýanynda görkezilýän «Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran» ulag geçelgesiniň ösüşini dowam etdirmek baradaky meselelere uly ähmiýet berildi.