Ösüp barýan bazarlar global sowadyjy ulaglaryň ähmiýetini artdyrar

«Transport Intelligence» konsalting kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda sowadyjy logistika bazarynyň gymmaty 764,2 milliard ýewro ýetdi, Munuň özi bu görkezijiniň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5% ösendigini aňladýar. Ykdysady çökgünlige garamazdan, bu ugurdaky netijeleriň şu ýyl has çalt ösjekdigi çaklanylýar. Garaz, bazar ýene 1,6 % ösmeli.

Sowadyjy logistikanyň giňelmeginde esasy faktorlaryň biri-de, indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän dünýäde azyk önümçiliginiň we sarp edilişiniň ösüşi bolup durýar. Bu tendensiýanyň esasy hereketlendirijisi ösüp barýan bazarlardyr. Dünýäde azyk önümlerini iň ýokary derejede import ediji bolan Hytaý bazara iň uly täsirini ýetirýän ýurtdyr. Mysal üçin bellesek, 2021-nji ýylda Hytaý daşary ýurtlardan 4 million tonnadan gowrak doňuz etini satyn aldy. Bu görkeziji 2014-nji ýylda bary-ýogy 1 million tonnadan ybaratdy.

Globallaşma we dünýä biznesiniň ösmegi uzak ýurtlardan azyk we oba hojalyk önümleriniň getirilmegine täsir edýär we şol önümleriň degişli şertlerde daşalmagy möhümdir.