“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň sürüjileriniň dünýä kubogyndaky ýeňişleri

Awtomobil sportuň ralli-reýd görnüşi boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bu günki gün döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda halkara derejesinde sporty ösdürmek arkaly hem dünýäniň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmekde beýik işler amala aşyrylýar. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler, özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Sport bilen meşgullanmak, halkara derejelerinde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşmak, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriniň hem yhlasly goşulyşmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda türkmen türgenleriniň halkara, dünýä derejelerinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde ýokary netijeler bilen çykyş edip, ýaşyl Tugumyzy al-asmana götermegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportunyň dünýäde mynasyp orun tutýandygynyň kepilidir. Türkmenistan halkara derejelerindäki iri sport çärelerini uly üstünlikler bilen geçirmekde dünýä ýüzünde mynasyp abraý gazandy. Ýurdumyzyň şeýle çäreleri geçirmekde toplan tejribesi, bu günki gün dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilikleri döredýär.

2019-njy  “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly ýylynyň 14-nji-17-nji fewralynda, Russiýa federasiýasynda uly dabaralara beslenip geçirilen awtomobil sportuň ralli-reýd görnüşi boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky at-abraýyny hem-de türkmen sportunyň dünýä derejesindäki abraýyny ýene bir gezek belende galdyrdylar. Halkara ýaryşynda dünýäniň ençeme ýurdundan, ýagny Finlandiýadan, Russiýa federasiýasyndan, Litwadan, Polşadan, Argentinadan, Latwiýadan, Italiýadan, Omandan, Fransiýadan, Ukrainadan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan we biziň ýurdumyzdan türgenleriň ençemesi gatnaşdylar. Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýurdumyzyň ýygyndy toparyndan T-2 görnüşli awtoulagynda çykyş eden “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň işgärleri sürüji Merdan Toýlyýew bilen, şturman Şöhrat Toýlyýew üçünji orny we tapgyryň kubogyna hem-de medalyna mynasyp boldular.

Şeýle hem, 2019-njy “Türmenistan-Rowaçlygyň Watany” atly mübärek ýylynyň 25-nji aprelinde geçirilen Russiýa döwletiniň Astrahan oblastynda sportuň ralli-reýd görnüşiniň 2-nji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň dünýä sahnasyndaky at-abraýyny hem-de türkmen sportunyň dünýä derejesindäki abraýyny ýene bir gezek belende galdyrdylar. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýd ýaryşy üç günläp dowam edip, onda dünýäniň dürli döwletlerinden, ýagny Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlandiýadan hem-de Ukrainadan türgenler gatnaşdylar. Astrahan düzlüklerinden geçen umumy uzynlygy 700 kilometrden gowrak çylşyrymly ýoly bolan bu ýaryşyň esasy maksady, üç tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy wagty görkezmekden ybaratdyr. Dünýä derejesinde geçirilen awtosport ýaryşynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň işgärleri sürüji Merdan Toýlyýew bilen, şturman Şöhrat Toýlyýew özleriniň dolandyrýan “Nissan-Patrol” awtoulagynda ezberligini görkezip, baýrakly ikinji orna mynasyp bolup, gözümiziň guwanjy bolan türkmen tuguny ýene bir gezek al-asmanda parlatdylar. 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 6-9-njy fewralynda Russiýa federasiýasynyň Sankt Peterburg şäheriniň çäklerinde uly dabaralara beslenip geçirilen sportuň ralli-reýd görnüşiniň ýene bir tapgyry bolan, jemi 3 günläp dowam eden “Demirgazyk tokaý” atly dünýä ýaryşynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýaş, ezber sürüjileri Russiýa tokaýlygynyň içinde çylşyrymly, garlykly ýollaryň içinde dürli tilsimleri ulanyp, öňden toplanan tejribelerini görkezmek bilen baýrakly 4-nji orna mynasyp bolup Eziz Diýarymyza dünýä ýaryşynyň sowgatlary bilen dolanyp geldiler. Şeýle sport dünýäsindäki ajaýyp ýeňişler tutuş türkmen halkyny buýsandyrýar, geljekde türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlarynda ýeňişe bolan ynamlaryny artdyryp, ruhy galkynyşa ýetirýär.

Bu zatlaryň barysy bolsa, Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň türkmen sportuny dünýä çykarmak baradaky gije-gündizki aladalarynyň hasyl bolýandygyndan habar berýär. Biz hem, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň zähmetsöýer işgärleri bolup, bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Goý, Türkmenistan döwletimiziň Halkara derejelerindäki, sport älemindäki at-abraýy mundan beýlägem belende galsyn.