Ýük daşamak

ÝÜKLERI AWTOULAGDA  DAŞAMAK HAKYNDA HYZMATLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 1-nji aprelindäki № 14681 belgili karary bilen tassyklanan, Ýükleri awtoulagda daşamak hakyndaky düzgünler boýunça, "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň  Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýukleri awtoulagda daşamagyň  görnüşleri barada ýagny, awtoulagda ýükleri daşamak içerki daşamalar we daşary ýurt döwletleriň arasynda şeýle hem üstiaşyr gatnaw arkaly daşalýan halkara daşamalaryna bölünýär ,şol sanda ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda hem-de ýurdumyzda ýetişdirilýän galla hasylyny we beýleki oba hojalyk ekinlerini daşamakda giňden ulanylýar.

Içerki daşamalar awtoulag serişdesinde ýükleri daşamagyň ýerli we şäherara daşamalaryna bölünýär:

  1. Ýerlei daşamalara - (şäher we şäher ýaka daşamalar) 70 km aralykda ýerine ýetirilýän daşamalar hasaplanýar.
  2. Şäherara daşamalara - 70 km den geçen aralykda ýerine ýetirilýän awtoulagda ýük daşamalar hasaplanýar.
  3. Halkara ýükleri daşamak  bellenilen tertipde ýurtlaryň arasyndaky ylalaşygy bilen awtoulagda daşalýan ýükler hasaplanýar.

Awtoulagda ýükleri daşamagyň hil görnüşleri ýükleriň görnüşine görä:

  1. Gaplama görnüşili ýükler.
  2. Bölek ýükler.
  3. Uly gabaraly ýükler.
  4. Has uly gabaraly ýükler.
  5. Agramly ýükler.
  6. Agramy has artykmaç ýükler.
  7. Howply ýükler. (talaba laýyklykda rugsatly)

Awtoulagda ýükler daşalanda daşalýan:

  1. Ýükleri ugratmak.
  2. Ýükleri kabul etmek.
  3. Ýükleri ýüklemek.
  4. Ýükleri düşürmek.

 Hyzmat edýan awtoulaglaryň Kysymy:

  •  «KAMAZ 65115» 
  •  «KAMAZ 65117»
  •   «KAMAZ 6520» 
  •   «KAMAZ 5490»

Bellik: Ýük awtoulaglary bilen ýükleri daşamak hyzmatlary üçin tölegler buýrujynyň islegine görä, sagatlaýyn, tonna kilometr, tonna we kilometr görnüşinde hasaplaşylýar

 

Ýükleri daşamakda Buýrujynyň, ýük alyjynyň we ýükleri awtoulag serişdesinde daşaýjynyň jogapkärçiligi bardyr.

"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Salgymyz: Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan

Telefon belgimiz: +993 (12) 39-03-56, 39-03-57, 39-03-58

Faks: +993 (12) 39-03-20

Email: info@awotulag.gov.tm 

Email: awtomobil@autotransport.gov.tm