Taslama köçesinden günortadan demirgazyga tarap hereket edeýan awtobuslar

13-nji,15-nji, 23-nji, 28-nji, 29-njy, 30-njy, 40-njy, 42-nji, 49-njy, 52-nji, 56-njy we 73-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Taslama köçesiniň wagtlaýyn ýapylýandygy sebäpli, 13-nji,      15-nji, 23-nji, 28-nji, 29-njy, 30-njy, 40-njy, 42-nji, 49-njy, 52-nji, 56-njy we 73-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

  • awtobus ugurlary Taslama köçesinden günortadan demirgazyga tarap hereket edende, köçäniň ýapylýan bölegini «Görogly köçesi - Taslama köçesi - ýoluň ýapylan bölegine çenli hereket eder we yzyna aýlanyp Taslama köçesi – Görogly köçesi – «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda ýerleşýän geçelge – ýaşaýyş toplumynyň içki ýollaryndan Taslama köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly» ugry boýunça gatnawy amala aşyrar;
  • awtobus ugurlary Taslama köçesinden demirgazykdan günorta tarap hereket edende, köçäniň ýapylýan bölegini «Gurbansoltan eje şaýoly - Taslama köçesi - ýaşaýyş toplumynyň içki ýollaryndan «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda ýerleşýän geçelge - Görogly köçesi» ugry boýunça gatnawy amala aşyrar.