Hormatly yolagçylar!

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynyň wagtlaýyn ýapylýar.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynyň wagtlaýyn ýapylýandygy sebäpli 1-nji, 9-njy, 13-nji, 16-njy, 20-nji, 23-nji, 29-njy,     34-nji, 37-nji, 38-nji, 55-nji we 57-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

 1-nji, 9-njy, 57-nji awtobus ugurlary A.Nyýazow şaýolunyň Garaşsyzlyk şaýoly we Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly – Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

 13-nji we 23-nji awtobus ugurlary Görogly köçesi - A.Nowaýy köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Görogly köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

 16-njy, 29-njy, 38-nji awtobus ugurlary Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş we Oguzhan köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

 20-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş we Oguzhan köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

 34-nji awtobus ugry Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly - Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi – Galkynyş köçesi – Türkmenbaşy şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;

 37-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly - A.Nyýazow şaýoly -Garaşsyzlyk şaýoly bölegini «Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi - Oguzhan köçesi - Garaşsyzlyk şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;

 55-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly we A.Nyýazow şaýoly bölegini «Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi - Oguzhan köçesi - Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar.