Hormatly ýolagçylar!

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soň, bu ýerden hereket edip başlap, bellenen ugurlary boýunça gatnawlary amala aşyrjak awtobuslar barada maglumat

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik awtobuslar Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi ugurlar hem-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2019-njy ýylyň 31-nji dekabry sagat 05:00-dan 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 03:00-a çenli, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglarynyň gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri boýunça – awtobus hyzmatlary üçin (+99312) 28-58-15,     28-60-30, 28-60-80 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri boýunça – (+993522) 7-96-22, 5-61-99, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri boýunça – (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri boýunça – (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Balkanabat şäheri boýunça – (+993222) 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri boýunça – (+993243) 4-79-24, 4-79-35.

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soň, Arçabil şaýolunyň ugrundan aşakdaky çyzgyda görkezilen şäheriçi awtobuslaryň hereket edip, olaryň bellenen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrjakdyklary barada Size habar berýäris.

Ýolagçylaryň jemgyýetçilik awtobuslaryna münýän ýeri

Gündogara gidýän ugurlar:1,2,3,4,5,6,7,8,9,10,11,12,13,14,15,16,17,18,19,20,21,22,23,26,27,28,29,30,31,32,33,34,35,36,37,38,39,40,42,43,47,53,55,56,57,58,60,69,72,73,77

Günbatara gidýän ugurlar: 6,10,13,21,25,29,30,33,46,49,50,51,52,56,59,60,61,62,63,64,74.