“Täze ýyla barýas, ýokary hyzmat bilen”

Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag kärhanalarynyň sürüjileriniň gatnaşmagynda “Täze ýyla barýas, ýokary hyzmat bilen” atly wagyz-maslahaty gecirildi

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň merkezi edara-binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň PÝGG-nyň wekiliniň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekiliniň, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň wekiliniň,Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wekiliniň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag kärhanalarynyň sürüjileriniň gatnaşmagynda “Täze ýyla barýas, ýokary hyzmat bilen” atly wagyz-maslahaty gecirildi.
Maslahatda ýurdumyzda giňden we dabaraly geçirilýän täze ýyl baýramçylygynda halkymyza ýurdumyzyň awtoulag ulgamynyň sürüjileri tarapyndan hyzmatlaryň ýokary hilini görkezmek, ýollarda tertip-düzgüni pugta berjaý etmek we paýtagtymyzda ulag gatnawlarynyň baýramçylyk mynasybetli sanyny köpeltmek barada tabşyryklar berild.