Internet üsti bilen bron etmek

Häzirkizaman ulgamy ýolagçylara halkara ýolagçy awtomenzilinden orunlary bron etmäge mümkinçilik berýär

Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylar üçin şäherara gatnawlara orunlary bronlamagyň ýönekeý usulyny hödürleýär. Internet üsti bilen bron etmegiň häzirkizaman ulgamy ýolagçylara Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzilinden ugraýan ähli şäherara ugurlar býunça islendik duralga çenli gidiş we yzyna geliş gatnawlara orunlary bron etmäge mümkinçilik berýär.

 

http://awtomenzil.gov.tm/index.php?page=booking