Bütindünýä durnukly ulag gününiň yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

Şu gün — 26-nji maýda Ak bugdaý etrap häkimliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem-de «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Oňa «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem-de «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň zähmetkeş hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çykyşlar etdiler. Şeýle hem, bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş edendigi buýsançly bellenip geçildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň kabul edilendigi barada hem durlup geçildi.

«Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begmyrat Berkeliýew öz çykyşynda: «Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda giň owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly awtoulaglar hereket edýär. Ata Watanymyzda köçe ýol hereketiniň howpsuz we asuda bolmagynyň kanuny esaslary berkidilýär. Bu gün ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherlerdir obalar döredilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar» — diýip belledi.