Halkara foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda ulag ýollarynyň ösüşi barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dowam edýän gurluşygyna üns çekdiler.
Awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan ulag babatdaky taslamalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çenli uzaýan köpşahaly awtomobil ýollarynyň halkara üstaşyr ulag giňişligine goşulyşmagyny üpjün eder.
Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyga ýükleri gysga wagtda we amatly daşamaga mümkinçilik berýän awtomobil ýoly dörär. Bu bolsa sebitleýin ykdysadyýetiň okgunly ösüşine giň ýol açar.
Maslahat we sergi öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugry we paýtagtymyzyň Halkara howa menzili boýunça gezelençler guralar.
Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherinde bolup, Halkara deňiz portuna baryp görerler hem-de ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýän häzirki zaman desgalar toplumynyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwaty bilen tanşarlar.