Halkara ulag forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün — 3-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly iki günlük halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guralýar. Bu halkara sergide «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem öz diwarlygy bilen gatnaşýar. Sergide ýerleşdirilen agentligiň diwarlygynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hödürleýän hyzmatlary, çözgütleri bilen tanşyp bilersiňiz.

Halkara forumyň çäginde ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary şularda jemlener:

  • Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler;
  • Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak;
  • Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti;
  • Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny.

Halkara forum we sergi ertir — 4-nji maýda hem öz işini dowam eder. Bu halkara çäräniň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekiler.