3-4-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan çagyrylan daşary ýurtly myhmanlar — «Sumitomo Corporation», «Toyota Central Asia FZE», «Белгруз Карго Мастер ООО», «Mashahir Shargh Int. Transport», «Ferdows Rah Tarabar Int. Transport» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Samaradaky demirýollarynyň döwlet uniwersitetiniň, «УРАЛ» awtoulag zawody paýdarlar jemgyýetiniň, Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň, şeýle hem Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministrliginiň wekilleri ýokary guramaçylykly geçiriljek halkara foruma we sergä gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldiler.
Halkara maslahatyň we serginiň gün tertibinde pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek, netijeli halkara ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem türkmen döwlet agentlikleriniň, logistika kompaniýalaryň, ulag-logistika ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu halkara forum Türkmenistanyň we doganlyk ýurtlaryň ulag infrastrukturasynyň we logistika ulgamynyň ösmeginde möhüm orna eýe bolar. Şeýle-de innowasiýa we maýa goýumlaryny çekmäge, halkara gatnawlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guralýar.