Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda halkara ulag-üstaşyr meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

1-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi.  Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy bilen bagly taraplaryň özara hereketleri boýunça netijeli pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň durnukly we howpsuz ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, durnukly we ynamly halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek meselelerine köptaraplaýyn seretmek başlangyjy bilen çykyş edýär, şeýle hem halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde wajyp resminamalary kabul etmek proseslerine işjeň gatnaşýandygyny beýan etdiler.