Türkmenistanyň ulag mümkinçiligini we maýa goýumyny maý aýynda geçiriljek halkara maslahatynda ara alyp maslahatlaşarlar

3-4-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi we «Turkmen forum» kompaniýasy tarapyndan gurnalýan halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) maslahaty yklymyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we «Demirgazyk-Günbatar» we «Günbatar-Gündogar» geçelgeleriniň Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen baglaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahata Türkmenistanyň ýokary wezipeli şahslary we halkara kompaniýalary gatnaşar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylaryň ägirt köp mukdaryna we ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekilmegine garaşylýar. Maslahatyň işinde Airbus, Boeing, Cargo Lux, Fly Dubai, Vitol, Dragon Oil we beýleki halkara ägirtleri gatnaşarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistana Howa ulagynyň halkara birleşmesiniň, Gämiçiligiň halkara palatasynyň, BMG-niň awtomobil ulag baradaky halkara birleşiginiň we Bütindünýä banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gelerler.

Çäreleriň birnäçesiniň çäklerinde «Ulag logistika» sergisi meýilleşdirilendir, oňa öndürijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, üpjün edijiler we awtotehnikanyň dilerleri gatnaşarlar.

Maslahat Türkmenistanyň ulag babatyndaky mümkinçiligini doly açyp görkezmäge we maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmäge niýetlenendir.