Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak boýunça Tertibe goşmaçalar girizildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» goşmaçalary girizdi.

Degişli tertibiň 16-njy böleginiň täze görnüşine laýyklykda, sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner.