Sürüjilik şahadatnamasy baradaky Tertibe girizilen goşmaçalar güýje girdi

Türkmenistanda «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» käbir goşmaçalar girizildi. Bu resminama Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky buýrugyna laýyklykda üýtgedildi.

Tertibiň 13-nji bölegine laýyklykda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy on sekiz ýaşdan berilýär.

«Şunda sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner.» diýlip, Tertibiň 16-njy böleginde nygtalýar.

Şeýle hem mundan beýläk Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw mekdeplerinde okaýanlaryň islendik toparlarynyň okuwa gatnaşyklaryna we olaryň okadylyşyna gözegçilik edip biler. Kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda şol edaralaryň ýolbaşçylaryna, aýratyn halatlarda olaryň ýokarda durýan guramasyna habarnama iberilýär. Bu goşmaça Tertibiň 20-nji bölegine girizildi.