Balkan welaýatyna 34 taksi berildi

Balkan welaýatynyň awtoulag kärhanasynyň düzümine taksi ulaglarynyň 34-si goşuldy. Bu barada türkmen metbugaty 2-nji martda habar berdi.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabat şäherinde, şeýle-de welaýatlarda hereket edýän awtoulag kärhanalaryna daşary ýurtlardan döwrebap taksi ulaglary getirilip, olaryň sany barha artdyrylýar.

«Balkanawtoulag» kärhanasynyň düzümine täze taksi ulaglarynyň gowşurylmagy, welaýatynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň has-da artmagyna ýardam edýär.