Täze taksileriň 50-si Ahal welaýatynyň çäginde ilata hyzmat eder

Ýakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulag taksileriniň 50-si gelip gowuşdy. Bu taksiler Ahal welaýatynyň degişli çäginde halkymyza hyzmat eder. 

Täze taksiler 1-nji martdan Ahal welaýatynyň çäginde bellenen ugurlar boýunça hyzmatlary amala aşyryp başlar.

Şeýle hem «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi welaýatyň çäginde ýük, awtobus ulaglary arkaly hyzmatlaryny hödürleýär.