«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýiji tapgyry geçirildi

27-nji fewralda paýtagtymyzyň «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň gelin-gyzlarynyň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň wekillerinden, şeýle hem ak saçly mährem enelerimiz we milli türkmen mlli lybaslary we el işleri bilen meşgullanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasyndan düzülen eminler topary çykyşlara baha berdiler.

Bäsleşigiň şertleri boýunça ilki bilen gelin-gyzlar özlerini we wezipe borçlaryny goşgy setirleriniň üsti bilen tanyşdyrdylar. Soňra ýerine ýetirýän wezipesini wasp edýän, iş pursatlaryndan sahna oýunlaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň üçünji şerti gadymdan gelýän el işleriniň dürli görnüşlerini çeper sahnalar we aýdymladyr, gazallar bilen wasp etmek bolsa, dürdünji şerti boýunça türkmen halkynyň milli tagamlarynyň biri bolan unaşyň saglyga peýdasyny beýan etdiler we taýýarlanyş aýratynlyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň soňky bäşinji şertinde eli çeper, kärine ussat gelin-gyzlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý melhem hem ylham» we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplaryndan çaýlary taýýarlamak ýaly şertler boýunça çykyş etdiler.

Aýdym-sazlara, folklor çykyşlaryna we şowhunly tanslara beslenen bäsleşik gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň yhlasyny we söýgüsini siňdiren el işleri, olaryň taýýarlan unaş tagamlary, jana melhem çaýlary, sahna çykyşlary dabara gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy hem-de emin agzalar topary tarapyndan mynasyp bahalandyryldy. 

 Şowhunly dabara öwrülen gelin-gyzlaryň bäsleşiginiň netijeleri emin agzalary tarapyndan yglan edildi. Ýeňiji bolan gelin-gyzlarymyza Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan mährem enelerimiz, asyllylygyň nusgasy, baýdak boýly gelinlerimiz we bahar pasly bilen bäsdeş gyzlarymyz ýurdumyzda zenanlarymyzyň ahlak gözelligine we tutanýerli zähmetine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.