Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň şenbe güni Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen nobatdaky tanyşlygynyň barşynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şeýle-de demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydygyny, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklaryň we mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagt şäher Aşgabat we ýurduň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmeginiň, şunda ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyryş derejesine möhüm üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demir ýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriň, eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.