Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag komitetiniň 85-nji mejlisinde çykyş etdi

22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 85-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň hemişelik wekilhanasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikdäki başlangyjy bilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň howanyň durnukly üýtgemegine, uglerod zyňyndylary pes bolan ulag düzümlerine geçişiniň elýeterli bolmagyny hem-de mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» mowzugyna bagyşlanyp bilelikde çäre geçirildi.

Çäräniň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa we Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasyndaky hemişelik wekili ilçi A.Haljanow açylyşda çykyş etdiler.

Mundan başga-da, beýleki  myhmanlar, hususan-da, Yrak Respublikasynyň ulag ministri jenap Razzak Ojaými, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretary jenap Umberto de Pretto, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösen ýurtlaryň, ösýän ýurtlaryň, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň hem-de ownuk ösüp gelýän ada döwletleriniň ýokary wekili hanym Rabab Fatima we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň Ýewropa bölüminiň Ýewropa sebitindäki howanyň üýtgemegi boýunça meýilnamanyň utgaşdyryjysynyň ýerine ýetirijisi jenap Ersin Esen dagylar çykyş etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19-dan soňky dikeldişde, howanyň üýtgemegini azaltmak we uýgunlaşmakda ulaglaryň ähmiýeti, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň sebitinde ulag infrastrukturasynyň ösüşiniň we hyzmatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipleri we mümkinçilikleri, ekologiýa we durnukly ulag aragatnaşygy ulgamlarynda halkara goldawy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri, infrastruktura syýasaty we ýurtlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan gazanylan üstünlikler, ulag ýollarynyň geljegi baradaky garaýyşlar we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyndaky esasy pikirler barada hasabat berdi.

Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan bilelikdäki işler, ulag ösüşinde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilip, dünýädäki ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmakda, geljekki nesiller üçin ösüşde iň möhüm görkeziji bolan durnukly ulaga üns berilmelidir.