Maryawtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda 1 million 853 müň ýolagçy gatnadylyp, aýlyk meýilnama 104,4 göterim ýerine ýetirildi.
Welaýat awtoulag önümçilik birleşigi ýük daşamak boýunça meýilnamany hem artygy bilen ýerine ýetirdi. Şu ýylyň ilkinji aýyndaky iş meýilnamasy 105 göterim ýerine ýetirilip, 177 müň tonna ýük daşamagyň deregine, 186 müň tonna ýük daşaldy. Bu welaýat awtoulag birleşigi boýunça ýylyň ilkinji aýynda 27 müň tonna ýüküň artyk daşalandygyny görkezýär.
«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan degişli döwürde meýilnamadan artyk 71 müň ýolagçy artyk gatnadyldy.