Şu gün — 23-nji fewralda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň Ulag komitetiniň wekilleriniň arasynda Awtomobil transporty boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.