Türkmenbaşy ― Baku aralygyndaky gämi gatnawynyň bahasy arzanlaýar

Sputnik agentliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan «Azerbaýjan Hazar deňiz daşaýyş» (ASCO) ÝGPJ Baku ― Türkmenbaşy ― Baku aralygynda gatnawlaryň bahasyny arzanladar.

Indi uzynlygy 16,5 metr bolan adaty konteýner ulaglaryny alyp gitmek üçin jemgyýet 1072 däl-de, 1000 amerikan dollaryny alar.

Şeýle hem öňünden alynýan petegiň bahasy 1716 dollardan 1600 dollara düşürildi.

Tigirli ulaglaryň uzynlygy 16,5 metrden köp ýa-da ondan az bolsa, bu ýagdaýda nyrhlaryň tigirli ulaglaryň uzynlygyna görä hasaplanýandygy bellenilýär.

Fewral aýynyň başynda bu jemgyýetiň hyzmatyndan peýdalanyp, ýolagçy ulaglaryny alyp gitmegiň bahasy hem arzanlady. Indi ýolagçy ulagy üçin 325 däl-de, 200 dollar tölenilýär.

Çeşme bahalaryň arzanlamagynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň artmagyna täsir etjekdigini ýazýar.