Ýakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «AD Ports Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «AD Ports Group» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de ýurdumyzyň ulag pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem kompaniýanyň taýýar gämilerini Hazar deňzine getirmek we täze gämileriň gurluşygyna maýa goýmak teklip edildi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde «AD Ports Group» kompaniýasyna Ynançly dolandyryşa bermegiň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Agzalan hyzmatdaşlyklaryň ugurlary babatda kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda deňiz ulaglarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatda tagallalaryň ediljekdigi barada nygtalyp geçildi.