Şu ýylyň mart aýynda Fransiýanyň «Airbus» kompaniýasyndan Türkmenistana ilkinji ýük uçary gelip gowşar. Internet çeşmelerinde uçaryň «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň firma bezegleri bilen bezelen görnüşi paýlaşyldy.
A330-200 kysymly, P2F modifikasiýaly uçar häzir Şannon (Irlandiýa Respublikasy) howa menzilinde dur.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S» kompaniýasy bilen P2F modifikasiýasynyň A330-200 kysymly iki sany ulanylýan ýük uçaryny satyn almak baradaky degişli şertnama 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilendigini ýatladýarys.
«Airbus A330-200P2F» uçary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin amatlydyr. Ol 61 tonna çenli ýüki 7,700 kilometre çenli äkidip bilýär. Bu bolsa ýük daşaýjy kompaniýa üçin çykdajylary azaldýar.