15-nji fewralda Aşgabatdaky «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik 5 şertden ybarat bolup, olara laýyklykda, gelin-gyzlar, ilki bilen, özlerini tanyşdyrdylar. Ikinji şertde gadymdan gelýän el işleriniň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen ýerine ýetiren bolsalar, üçünji şertde öz hünärlerini mahabatlandyryp, iş pursatlaryny sahnalaşdyrdylar. Ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bäsleşige gatnaşyjy gyz-gelinler unaş kesmekde, «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplary boýunça çaý taýýarlamakda, olaryň ähmiýetini çeper beýan etmekde özara bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden düzülen eminler topary çykyşlara baha berdi we ýeňijileri yglan etdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň döwlet tapgyry Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçiriler.