«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy resmi saýtynyň domenini tugdk.gov.tm edip üýtgetdi. Ozal resmi çeşme ulaggozegchilik.gov.tm domeninde ýerleşdirilýärdi.
Ýatlatsak, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasy 1994-nji ýylyň fewralynda döredilipdi. Kompaniýa Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýükleri iberijiden ýükleri kabul edijä ulagyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak arkaly daşamak üçin logistika çözgütlerini işläp düzýär hem-de dolandyrýar.
Mundan başga-da, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasynyň hünärmenleri ilatyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ýüklerini daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlar bazarynyň işine gözegçilik edýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý;
• (+993 12) 39 02 51.