«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň Patyşalyk Logistika we ulag institutynyň (CILT Central Asia) hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdiler.
Iş maslahatynyň dowamynda iki tarapyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylda bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmek, CILT Central Asia-nyň okuw meýilnamalaryny guramak we Assosiasiýa agza kompaniýalaryň wekilleriniň özara gatnaşygyny guramak barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem taraplar 3 ― 4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş ― 2023» atly maslahata gatnaşmagyň meselesine garadylar.
Iş maslahatynyň netijesinde 2023-nji ýyl üçin CILT Central Asia we «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň Bilelikdäki Hereketleriniň meýilnamasynyň taslamasy ylalaşyldy. Bu meýilnama USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyrylar. Çeşmäniň bellemegine görä, ýakyn wagtda üç taraplaýyn resminama gol çekiler.