Türkmenistan Russiýanyň günorta sebite geçelgesi hökmünde çykyş eder

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde ýakyn geljekde Russiýanyň Günorta Aziýa çykalgasy hökmünde Türkmenistanyň geçelge bolup hyzmat etjekdigi dogrusynda “OilPrice” internet resursy habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda geçirilen ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikler hem öz mazmunynda bu babatdaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy täze taslamalary durmuşa geçirmegi nazarda tutýar diýlip çeşmäniň sahypalarynda bellenilip geçilýär.

Russiýanyň Günorta Aziýa çykmagynyň netijesinde mümkinçilikli pudaklarda halkara hyzmatdaşlygy has-da netijeli häsiýete eýe bolar.