Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyna eksporty 2,8 esse artdy

2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy ozalky ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse ýokarlanyp, 79,6 million dollara deň boldy. Bu barada «Trend» habarlar agentligi Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.

Özara söwdanyň agramly bölegini Türkmenistanyň eksporty düzýär. Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyna eksporty 2,8 esse ýokarlanyp, pul hasabynda 75 million dollar töweregi boldy. 2021-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň bu ýurda eksporty 26,6 million dollara barabar bolupdy.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndan importy 15,3 göterim ýokarlanyp, umumylykda 4,5 million dollara deň boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen ýylyň 10 aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandan satyn alan elektrik energiýasynyň möçberi 6,6 esse ýokarlanyp, pul hasabynda 56,7 million dollara barabar boldy.

Ýeri gelende bellesek, Gyrgyz Respublikasynyň 2022-nji ýylda daşary döwletler bilen özara söwdasy 10,5 milliard dollardan gowrak boldy.