Lebap welaýatynda 163 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy

2022-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýaty boýunça dürli maksatly ýükleriň 100 million 742,5 müň tonnasy daşaldy. Bu bolsa öňki ýyldakydan 3 göterim köpdür. Geçen ýylda gündogar sebiti boýunça ýolagçylaryň 163 million 228,5 müňüsi gatnadyldy. Netijede, ýolagçylaryň gatnadylyşy 2021-nji ýyldakydan ep-esli artdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm web-saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ulag toplumynda gowy görkezijileriň gazanylmagynda awtomobil ulaglary esasy orny eýeleýär. 2022-nji ýylda ýük dolanyşygynyň umumy möçberinde awtomobil ulaglarynyň tutýan paýy täjirçilik gatnawlary bilen meşgullanýan hususy telekeçileri hem hasaba almak bilen 57,3 göterime, ýolagçy dolanyşygynda bolsa 98,2 göterime deň boldy.

Tamamlanan ýylda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynda öňki ýyl bilen deňeşdirilende ýük dolanyşygy 14,9 göterim, ýolagçy dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy. Bu oňyn görkeziji demirýol ulaglary boýunça ýük dolanyşygynda 10,3 göterim we ýolagçy dolanyşygynda bolsa 197,5 göterim artdy. Şeýle-de geçen ýylda Lebap welaýatynyň içerki suw ulagy boýunça ýük dolanyşygy öňki ýyldakydan 16 göterim köpeldi.