Daşoguz welaýatynyň ulag infrastrukturasy depginli kämilleşýär

Geçen ýylda Daşoguz welaýatynda amala aşyrylan ýolagçy we ýük gatnawlarynyň mukdary görnetin ýokarlandy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende sebitde dürli ulaglar bilen iki milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy. Harytlaryň daşalmagy bir million alty ýüz müň tonna artdy.

Bu görkezijiler Daşoguz welaýatynda netijeli ulag ulgamynyň bardygyny görkezýär. Welaýat howa, demir ýol we awtoulag aragatnaşygy arkaly ýurduň beýleki sebitleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýerde bar bolan demir ýol menzili, şeýle hem Daşoguz şäherinde ýerleşýän Halkara howa menzili döwrebaplaşdyryldy. Welaýatyň merkezinde golaý wagtdan bäri täze häzirki zaman ýolagçy awtoulag terminaly işleýär.

Ýolagçy we ýük daşamak gatnawlary, esasan, “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşiginiň ulaglary bilen amala aşyrylýar, ulaglar topary her ýyl täze, amatly ýolagçy awtobuslary we kuwwatly ýük awtoulaglary bilen üpjün edilýär.

Bellesek, häzirki wagtda kärhana şäherara we şäheriçi gatnawlar arkaly ýolagçylary daşamakda hyzmatlaryny hödürleýär, köp mukdardaky dürli görnüşleri daşamak işlerini ýerine ýetirýär.