Ulag-logistika kompaniýalary üçin işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnama hödürlenýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň we Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalary türkmen ulag-logistika kompaniýalaryny ýörite guraýan okuw we konsalting maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maksatnamanyň çäginde saýlanyp alnan ýerli ulag-logistika kärhanalarynyň wekillerine logistika işinde döreýän meseleleri çözmegiň, işi durnukly alyp barmagyň usullary öwrediler. Şeýle hem ulag-logistika babatda öňdebaryjy bilermenlerden konsalting maslahatlaryny almak mümkinçiligi bardyr.

Oňa gatnaşyjylar ulag-logistika boýunça daşary ýurtly bilermenlerden toparlaýyn we şahsy görnüşde işewürlik maslahatlaryny alyp ýa-da gyzyklandyrýan meselelerde degerli çözgütleri özara geňeşip bilerler. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar ulag-logistika kompaniýasynyň auditini we işiniň umumy ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Okuw-kämilleşdiriş maksatnamasyna gatnaşmak isleýän ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri özleri baradaky maglumatlary 14-nji fewrala çenli şu elektron salgylara ugratmalydyrlar:

info@cilt.kz hem-de tca_exportsupport@dai.com