Hindistanda öndürilen künjiniň uly möçberi konteýnerlerde Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollary arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine eltiler. Konteýner ýükleri Hindistanyň Mundra deňiz portundan Arap deňzi arkaly Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas deňiz portuna ugradyldy. Bu barada Gazagystanyň demir ýol edarasy habar berýär.
Künji ýükli konteýner ýük düzümi Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen, «Gazagystan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guralýar. Bu ugur boýunça konteýner ýükleriniň 20 günden gowrak wagtda barmaly ýerine eltilmegi maksat edinilýär.
«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçýär. Bu demir ýol şahasy arkaly geçen ýylda Russiýadan Hindistana ýük düzümleriniň birnäçesi geçirildi. 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan 600 müň tonnadan gowrak ýük «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi arkaly iberildi. Şonuň 130 müň tonnasy halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly — Gazagystanyň we Türkmenistanyň demir ýollary arkaly daşaldy. Bu demir ýol şahasy arkaly geçen ýylyň dowamynda Russiýadan daşalan ýükleriň möçberi 2021-nji ýyldakydan 2 esse artdy.