Türkmenistanda daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň ornuny tutýan özboluşly önümçilik awtoulaglaryň akkumulýatorlary bolup, bu ugurda häzirki wagtda «Kökçi» hojalyk jemgyýeti isleg bildirilýän harytlary halka ýetirýär.
Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijesinde, «Kökçi» HJ bu günki günde ýurduň çägine, şeýle-de ýakyn ýurtlara dürli ýygylykdaky akkumulýator önümlerini hödürleýär. Kärhanada akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 ýygylykdaky görnüşleri öndürilýär.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Muny bolsa diňe 2022-nji ýylyň dowamynda 45 müň 700 töweregi dürli görnüşleri akkumulýatorlaryň öndürilmegi hem tassyklaýar. Bu görkezijidäki akkumulýatorlaryň ýokary hilli görnüşleriniň 16 müň 788 sanysy geçen ýylda daşary ýurtlara eksport edildi.
Türkmen önümçiliginiň uly goşandy hasaplap boljak bu kärhananyň düzüminde 80-golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Onuň gündelik önüm mukdary bolsa 300 – 350 töweregi akkumulýator batareýalaryna barabardyr. Hytaý Halk Respublikasyndan we Hindistandan getirilýän täze enjamlaryň oturdylmagy bilen, kärhananyň bu önümçilik işjeňlik mukdary iki esse artdyrylar.
Ýeri gelende kärhananyň 2016-njy ýylda işe başlap, häzire çenli ýurdumyzda awtoulag akkumulýatorlaryny öndürmekde ilkinjileriň hatarynda durýandygyny bellemeli.