Astrahanda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Astrahan döwlet uniwersitetinde (ADU) Ahal welaýatynda gurulýan Arkadag şäheriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik edarasy resmi saýtynda habar berdi.

Bu çäre Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gollyýewiň uniwersitete baryp görmeginiň çäklerinde guraldy.

Taraplar Astrahan uniwersiteti bilen bilim we ylym pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, şeýle hem Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça dürli maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsul Gollyýew türkmen talyplary bilen hem duşuşdy we soraglaryna jogap berdi.

Häzirki wagtda Astrahan döwlet uniwersitetinde türkmenistanly talyplaryň 600-den gowragy bilim alýar.