Türkmenistan 2023-nji ýylda-da Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün eder

Aşgabatda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) milli elektrik kompaniýasy 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligi baradaky şertnamanyň möhletini uzaldýan ylalaşyga gol çekdiler.

TASS-yň Owganystanyň Suw we energiýa üpjünçiligi ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, ylalaşyga «Türkmenenergo»-nyň başlygy we DABS-nyň baş müdiri gol çekdi.

Türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurda ýeňillikli bahalar bilen berilýär, bu bolsa demirgazyk welaýatlarynyň, günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň hemmesini, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap welaýatlaryny, şeýle hem Mazar-y-Şerif, Şybyrgan we beýlekileri öz içine alýar.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.