«KamAZ» elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «KamAZ» kompaniýasy özüniň öndüren elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi. Bu barada «KamAZ» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin türkmen-rus işewürlik forumynda žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

— Häzirki wagtda «KamAZ» Russiýa Federasiýasynda elektrobus önümçiligini alyp barýan öňdebaryjy kompaniýadyr. Biz hem öz gezegimizde, şunuň ýaly tehnikalary Türkmenistan teklip etmekden hoşaldyrys. «KamAZ» kysymly 2 sany elektrobus hem-de çalt zarýad berýän bekedi Türkmenistana synag etmek üçin iberdik. Geljekde Türkmenistany elektrobuslar bilen üpjün etmäge taýýardyrys – diýip, Kogogin belledi.

Mundan başga-da, baş direktor 2023-nji ýylda «KamAZ» kompaniýasynyň Daşoguz welaýatynda hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýändigini tassyklady.