Türkmenistanyň lokomotiw düzümi döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistan möhüm halkara ulag-üstaşyr ugurlaryň merkezinde ýerleşmek bilen, ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Halkara ýük geçirilişinde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň demir ýol düzümini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek işinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň hatarynda otly düzümlerini daşamakda ulanylýan döwrebap lokomotiw ulgamyny kemala getirmek esasy üns berilýän ugurlaryň hataryndadyr.

Geçen 2022-nji ýyl ýurdumyzyň lokomotiw düzümini döwrebaplaşdyrmakda, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirmekde uly ädim ädildi. Türkmenistan bu ugurda, esasan, Hytaý we Russiýa bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Geçen 2022-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasy bilen umumy bahasy 58,5 million amerikan dollaryna barabar şertnamany baglaşdy. Bu şertnamany ýerine ýetirmegiň çäginde, Türkmenistana 1 ýylyň içinde hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen iki bölekli kuwwatly ýük teplowozlarynyň 15-sini getirmek wezipe edilip goýuldy. Häzirki wagta çenli kompaniýa tarapyndan öndürilen ýük teplowozlarynyň 10-sy tapgyrlaýyn esasda ýurdumyza getirilip, olar «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň lokomotiw parkyna goşuldy. Ýakyn günlerde, hytaý kompaniýasynyň öndüren ýük teplowozlarynyň ýene 5-si ýurdumyza getiriler. Milli lokomotiw düzüminiň täze teplowozlar bilen üpjün edilmegi, demir ýollarda ýolagçy, ýük gatnawlaryny has-da kämilleşdirmäge ýardam eder.

Hytaýyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasy bilen ýakynda baglaşylan ýene bir şertnama ozaldan ýurdumyzyň demir ýollarynda hereket edýän teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy göz öňünde tutýar. Bahasy 35,3 million amerikan dollaryna barabar bolan bu şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde ýük teplowozlary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary 1 ýylyň dowamynda ýurdumyza tapgyrlaýyn esasda getiriler.

Türkmenistanyň demir ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak işinde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösüşe eýedir. Dostlukly döwletiň öňdebaryjy kärhanalary tarapyndan öndürilen ýük teplowozlary ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine laýyklygy babatda ençeme döwürleriň synagyndan geçendir. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabat şäheriniň demir ýol menzilinde Russiýa Federasiýasynyň Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen magistral ýük teplowozlarynyň 5-si dabaraly garşylandy. Bu zawod tarapyndan öndürilen agyr ýükleri çekmäge niýetlenen ýük teplowozlarynyň 2-si 2021-nji ýylyň sentýabrynda hem ýurdumyza getirilipdi.

Görnüşi ýaly, diňe geçen ýylyň dowamynda ýurdumyza getirilen ýük teplowozlarynyň 15-si milli lokomotiw parkymyzy düýpli baýlaşdyrýar. Öz gezeginde, daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk özüniň miwesini berip, möhüm strategik ulag merkezinde ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr ýük geçirijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrar.