Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleri «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda saparda bolýarlar. Saparyň barşynda wekiliýet düzümi ýurdumyzyň degişli ulag edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde 18-nji ýanwarda mälim edildi.

Duşuşyklarda halkara ýük daşamalarynda ulanylýan haryt ulagy ýanhatynyň elektron görnüşine geçmek işinde amala aşyrylmaly wezipeler, ýurdumyzyň çäginde halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek, TIR kitapçasyny sanlylaşdyrmak, ýükler barada deslapky maglumatlaryň berilmegi babatyndaky wezipeler hem-de TIR ulgamy arkaly daşalýan ýükleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistana saparynyň barşynda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp, bu ýerde gümrük işinde ornaşdyrylan döwrebap şertler, sanlylaşdyrmak işi, halkara ýük daşamalarynda elektron TIR kitapçalarynyň resmileşdirilişi, daşalýan ýükler barada deslapdan elektron maglumatlaryň ulanylyşy, üstaşyr ýükleriň geçirilişi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Türkmenistan halkara ýük daşamalaryna gatnaşýan ýurtlar bilen bitewi sanly ulgama goşulyp, onuň işini yzygiderli kämilleşdirýär.