Şu günler Türkmenabat şäherinde Owganystanyň Demir ýol müdirliginiň 14 hünärmeni tejribelik geçýär.
«Turkmenistan.ru» neşiriniň habar berşi ýaly, tejribeligiň dowamynda türkmen hünärmenleri owganystanly kärdeşlerini demir ýol ulgamlaryny we transportyny dolandyrmak hem-de desgalar, işgärler, dürli tehniki amallar bilen bagly birnäçe iş ýagdaýlary bilen tanyşdyrarlar.
Owganystanly demirýolçularyň Türkmenistandaky tejribeligi üç aýlap dowam edip, ol Owganystanyň demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýurduň sebit we halkara ulag geçelgelerine işjeň goşulmagyny üpjün etmek boýunça taraplaryň arasynda gazanylan degişli ylalaşyk esasynda guralýar.