«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi we onuň welaýatlardaky şahamçalary isleg bildirýänleri awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar. Okuwlaryň möhleti, bahasy we degişli derejeleri şulardan ybarat:

  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «B» - 2,5 aý - 583 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «BC»  - 3,5 aý - 748 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «C» - 1,5 aý-462 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «D» - 2 aý-440 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «E» -  1,5 aý-390 manat;
  • ​​​​​Sürüjilige taýýarlamak derejesi «Howply ýükler üçin» - 577 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «Howply ýükler üçin» gaýtadan okamak - 351 manat;
  • Sürüjilige taýýarlamak derejesi «Ýük, ýolagçy daşamak üçin» - 21 sagat - 327 manat.

Sürüjilik okuwlary üçin gerekli resminamalar:

  • Pasportyňyzyň nusgasy;
  • Lukman güwanamasy 083/h görnüşli;
  • Psihatriýa otagynda dispanser hasabynda durmaýanlygy barada kepilnama;
  • 2 sany 3/4 surat.

«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sizi Sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sürüjileri gaýtadan taýarlamak boýunça okuwa çagyrýar.

Howply ýükleri daşamak

«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň Awtomobil merkdepleriniň birleşigi tarapyndan, «Howuply ýükleri daşamak üçin sürijileri taýýarlamak boýunça okuw Maksatnamasy» esasynda okuwlar geçirilýär.

Howply ýük daşamak üçin gerekli resminamalar:

  • Pasport nusgasy;
  • Lukman kepilnama nusgasy;
  • Sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy;
  • Tehpasport nusgasy;
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy.

Ýük, ýolagçy daşamak

«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sizi Ýolagçylary we goşlary daşamagyň düzgünleri, Ýükleri awtoulagda daşamak tertibi hem-de halkara ýollarda ýük daşalanda Gümrük konwensiýasynyň düzgünleriniň berjaý edilişi boýunça okuw geçirilýändigini size habar berýär.

Okuw üçin gerekli resminamalar:

  • Pasport nusgasy;
  • Sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy.

Siziň awtoulag sürmek islegiňiz bar bolsa, şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat ş. 44-33-17; 44-33-19; 44-33-10; 44-33-11

Ahal welaýaty: 800-137-35-5-31 (36-1-45)

Mary welaýaty: 800-522-5-63-44 (5-60-52)

Lebap welaýaty: 800-422-3-34-12

Daşoguz welaýaty: 800-322-2-58-32 (2-43-12)

Balkan welaýaty: 800-222-6-08-98