Geçen 2022-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly halkara üstaşyr ýük geçirilişi 2021-nji ýyldakydan 2,5 esse ýokarlandy. Bu barada salamnews.tm habar berýär.
Ýurdumyzyň we sebitiň iň uly deňiz porty arkaly üstaşyr geçirilen ýükleriň agramly bölegini nebit önümleri, sanly tehnologiýa enjamlary, gurluşyk harytlary, metallar, maşyngurluşyk tehnikalary we azyk harytlary eýeledi.
2018-nji ýylyň maýynda açylan döwrebap Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döredilen mümkinçilikler, işleriň sanly tehnologiýalar esasynda ýola goýulmagy hem-de sebitiň logistika kompaniýalary bilen ýola goýlan pugta hyzmatdaşlyk ýük geçirilişini görnetin artdyrmaga ýardam edýär.
Port arkaly ýük geçirilişiniň artmagy halkara ýük daşalyşynda Türkmenistanyň tutýan ähmiýetli ornuny has-da artdyrýar.