Türkmenistanda çaga welosipedleriniň önümçiligi ýola goýlar

Ýakyn geljekde «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti çagalar üçin tigirleriň hem-de polipropilenden oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy nazarda tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze öndüriljek çaga tigirleri 3-5 ýaşly körpejelere niýetlenen bolup, olar «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen alyjylar köpçüligine hödürlener. Kärhanada häzirki wagta çenli plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär.

Şunuň bilen birlikde, kärhananyň ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýandygyny aýtmak bolar. Gurluşykda peýdalanylýan laminatyň düşegi jaýyň içine çyg, sowuk geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar. 

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine halkara bazarynda hem uly isleg bildirilýär. Bu önümler Russiýa, Gazagystana we Belarus Respublikasyna eksport edilýär.