2022-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň üstaşyr modulyny «TIR-EPD» maglumat ulgamy bilen utgaşdyryp, işe girizdi. Şeýle hem, «TIR» kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleri üçin ýörite «Ýaşyl geçelgeler» döredildi. Bu barada www.customs.gov.tm habar berýär.
Gullukda «Ýaşyl geçelgeleriň» işe girizilmegi bilen «TIR» kitapçasyny ulanmak arkaly halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleriň ýurdumyzyň gümrük çägine geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde ýerine ýetirilýär.
«TIR-EPD» maglumat ulgamynyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen birikdirilmegi hem-de «Ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi, halkara ýükleriň daşamalaryny amala aşyrýan ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň çaltlandyrylmagyna mümkinçilik döredip, ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, halkara ýük daşamalarynda ýurdumyzyň sebitdäki we halkara logistik zynjyryndaky ähmiýetini has-da artdyrmaga, netijede bolsa, halkara söwdanyň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine we ösmegine ýardam berer.