Türkmenistan we Astrahan gämi gatnawyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Aşgabatda ýene birnäçe günden geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumynyň öň ýanynda, Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň arasynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly duşuşyk geçirildi. Bu barada «АБН-Астрахань» köpçülikleýin habar beriş serişdesi habar berýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, taraplar duşuşygyň dowamynda Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň ulag hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, munuň bolsa esasan «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydygyna üns çekdiler. 

Üstümizdäki ýylda, hususan-da ýakyn günlerde geçiriljek forumyň çäklerinde Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli ulag gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak meselelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Bu babatda Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Golowkow şeýle belleýär:

«Özara gatnaşyklarymyzyň şu we beýleki meseleleri indiki hepde Aşgabatda geçiriljek işewürlik forumda ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa sebitimizden wekiliýet gatnaşar».

Ýeri gelende bellesek, türkmen-rus işewürlik forumy 19-20-nji ýanwarda geçiriler.